دَلَائِلُ الْخَيْرَاتِ
Haýyrlaryň delilleri
Tk
اَلنِّيَّةُ | Intentions
اَللَّهُمَّ إِنِّي نَوَيْتُ بِالصَّلَوٰةِ عَلَى النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ امْتِثَالاً لِّأَمْرِكَ وَتَصْدِيقًا لِنَبِيِّكَ مُحَمَّدٍ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ وَمَحَبَّةً فِيهِ وَشَوْقًا إِلَيْهِ وَتَعْظِيمًا لِّقَدْرِهِ وَلِكَوْنِهِ أَهْلاً لِّذَلِكَ
Eý Allahym, Seniň buýrugyňa boýun bolmak, Pygamberiň Muhammede (s.a.w.) ynanmak, oňa bolan söýgi, iştiýag we mertebesine sarpa goýmak üçin hem-de muňa laýykdygy sebäpli oňa salawat aýtmagy niýet etdim
فَتَقَبَّلْهَا مِنِّي بِفَضْلِكَ وَإِحْسَانِكَ وَأَزِلْ حِجَابَ الْغَفْلَةِ عَنْ قَلْبِي وَاجْعَلْنِي مِنْ عِبَادِكَ الصَّالِحِينَ.
Öz fazlyň we yhsanyň bilen ony menden kabul eýle, kalbymdan gapyllyk perdesini aýyr we meni salyh bendeleriňden eýle.
اَللَّهُمَّ زِدْهُ شَرَفًا عَلَىٰ شَرَفِهِ الَّذِيٓ أَوْلَيْتَهُ. وَعِزًّا عَلَىٰ عِزِّهِ الَّذِيٓ أَعْطَيْتَهُ.
Eý Allahym! Oňa eçilen şerepiň üstüne şerep, beren yzzatyň üstüne yzzat goş.
وَنُورًا عَلَىٰ نُورِهِ الَّذِي مِنْهُ خَلَقْتَهُ وَأَعْلِ مَقَامَهُ فِي مَقَامَاتِ الْمُرْسَلِينَ. وَدَرَجَتَهُ فِي دَرَجَاتِ النَّبِيئِينَ.
Onuň ýaradylan nury üstüne nur goş, resullaryň makamlary arasynda ornuny we pygamberleriň derejeleri arasynda derejesini belent eýle.
وَأَسْئَلُكَ رِضَاكَ وَرِضَاهُ يَا رَبَّ الْعَالَمِينَ. مَعَ الْعَافِيَةِ الدَّآئِمَةِ وَالْمَوْتِ عَلَى الْكِتَابِ وَالسُّنَّةِ وَالْجَمَاعَةِ وَكَلِمَتَيِ الشَّهَادَةِ عَلَىٰ تَحْقِيقِهَا مِنْ غَيْرِ تَبْدِيلٍ وَّلَا تَغْيِيرٍ.
Eý älemleriň Perwerdigäri! Senden Seniň we Onuň razylygyny, dowamly amanlykda, Kitap, Sünnet we Jemagat üzere, hakyky şehadat kelimesi bilen üýtgeşmesiz jan bermegi dileýärin.
وَاغْفِرْ لِي مَا ارْتَكَبْتُهُ بِفَضْلِكَ وَجُودِكَ وَكَرَمِكَ يَآ أَكْرَمَ الْأَكْرَمِينَ.
Eden günälerimi Öz fazlyň, sahylygyň we keremiň bilen bagyşla, eý keremlileriň iň Keremlisi!
وَصَلَّى اللَّهُ عَلَىٰ سَيِّدِنَا مُحَمَّدٍ خَاتَمِ النَّبِيِّينَ وَإِمَامِ الْمُرْسَلِينَ. وَعَلَىٰٓ ءَالِهِ وَصَحْبِهِ أَجْمَعِينَ. وَسَلَامٌ عَلَى الْمُرْسَلِينَ. وَالْحَمْدُ لِلَّهِ رَبِّ الْعَالَمِينَ.
Allah Tagala pygamberleriň möhüri we resullaryň serweri bolan Serwerimiz Muhammede, maşgalasyna we ähli sahabalaryna salawat eýlesin. Resullara salam, älemleriň Perwerdigäri Allaha öwgüler bolsun!