أَلْفٍ صَلَّى الله عَلَى زَيْنِ الْوُجُودْ
Barlygyň zynatyna Allanyň müň salaty bolsun.
Tk
أَلْفٍ صَلَّى الله عَلَى زَيْنِ الْوُجُودْ
مَنْ سَكَنْ طَيْبَة وَخَيَّمْ في زَرُودْ
Allanyň müň salaty bolsun barlygyň zynatyna
Taýbada mesgen tutan we Zarudda çadyr guran kişä
يَا بُدُورَ الْحَيِّ يَا رَبْعَ الْكِرَامْ
بَلِّغُو ظَبْيَ الْحِمَى مِنِّي السَّلَامْ
Eý, obanyň doly aýlary, eý, keremlileriň mekany
Mukaddes ýeriň jerenine menden salam ýetiriň
إِنْ تَهَتَكْنَا عَلَيْكُمْ لَا نُلَامْ
غَلَبَ الْوَجْدُ عَلَيْنَا وَ الْغَرَامْ
Siziň ugruňyzda özümizden geçsek, bizi aýyplamaň
Çünki joşgunly yşk we söýgi bizi ýeňdi
لَا يَنَامُ اللَّيْلَ عَاشِقْ مُسْتَهَامْ
إِنَّمَا النَّومُ عَلَى الْعَاشِقْ حَرَامْ
Yşkda telbe bolan aşyk gijeleri uky bilmez
Dogrusy, aşyk üçin uky haramdyr
سَادَتِي إِنْ لَمْ تَحِنُّو بِاللِّقَا
مِتُّ وَجْدًا فَلَكُمْ طُولُ الْبَقَاء
Eý, hojalarym, didar bermek bilen rehim etmeseňiz
Men hasratdan ölerin, size bolsa bakylyk bolsun
أَنَا إِنْ لَمْ أَهْوَا غِزْلَانَ النَّقَاء
أَيُّ فَرْقٍ بَيْنَ قَلْبِي وَ الْجَمَادْ
Eger men päk gumlaryň jerenlerini söýmesem
Meniň kalbym bilen jansyz daşyň näme tapawudy bar?
آنَسَ اللهُ بِكُمْ أَوْقَاتَنَا
وَسَقَى وَادِيكُمُ فَيْضَ الْغَمَامْ
Alla siziň bilen wagtymyzy şat eýlesin
We bulutlaryň joşguny jülgeňizi suwarsyn