مَعَانِي قَدْ بَدَتْ عِنْدِي غَرِيبَهْ
Mende ajaýyp manylar peýda boldy.
Tk
Tk
مَعَانِي قَدْ بَدَتْ عِنْدِي غَرِيبَهْ
وَمَا تُفْضِي إِلِيْهْ بَعْدُ أَغْرَبْ
Göz öňümde täsin many-mazmunlar peýda boldy
Olaryň eltýän netijesi bolsa has-da täsindir
مِنَحْ مِنْ فَضْلِ مَوْلَانَا عَجِيبَهْ
وَمَاذَا فِي عَطَاهُ لَيْسَ أَعْجَبْ
Möwlamyzyň kereminden berlen peşgeşler geňdir
Onuň eçilişinde haýran galdyrmajak zat barmy?
وَعِيدُ الْصَّبِ أَنْ يَلْقَى حَبِيبَهْ
وَسُبْحَانَ الَّذِي قَرَّبْ وَحَبَّبْ
Aşygyň baýramy öz Söýgüli ýaryna gowuşmakdyr
Bizi ýakynlaşdyran we söýgi beren Alla ähli kemçilikden päkdir
مَعِي أَقْوَامْ فِي أَعْلَى كَتِيبَهْ
لَهُمْ أَسْرَارْ لَا تُحْصَى وَتُكْتَبْ
Ýanymda iň belent mertebeli kowumlar bar
Olaryň sanasap we ýazyp bolmajak syrlary bardyr
مَوَاهِبْ عَالِيَةْ مَا هِيْ كَسِيبَهْ
وَإِحْسَانُ الْمُهَيْمِنْ لَيْسَ يُحْسَبْ
Bular belent sowgatlardyr, diňe zähmet bilen gazanylmaz
Çünki Goragçy bolan Allanyň yhsany hasaba sygar ýaly däldir
وَمَنْ لُهْ سَابِقَهْ يُدْرِكْ نَصِيبَهْ
مُوَفَّى دُونَ أَنْ يَشْقَى وَيَتْعَبْ
Kimiň ezelden nesibesi bolsa, öz paýyny alar
Oňa hiç hili jepa we ýadawlyksyz doly berler
وَنَفْحَةُ بَاسِطِ الْنَّعْمَى قَرِيبَهْ
تَعَرَّضْ يَا فَتَى مِنْهَا تَقَرَّبْ
Nygytlar eçilýän Allanyň hoştap şemaly ýakyndyr
Eý ýigit, özüňi oňa goýber we ýakynlaşmaga çalşyber
عَسَى الْمَكْلُومْ أَنْ يَلْقَى طَبِيبَهْ
فَيُضْحِي الْعِيْشْ لُهْ أَطْيَبْ وَأَطْيَبْ
Belki, ýaraly göwün öz lukmanyna gowşar
Şunlukda, durmuş ol göwün üçin barha süýjär we tämizlener
وَصَلَّى اللهُ مَا أَفْهَامٌ نَجِيبَهْ
وَعَتْ قَوْلاً بِمَاءِ الْعَيْنِ يُكْتَبْ
Nesipdar akyllar gözýaş bilen ýazylmaly sözleri
Aňlap durdugyça, Alla Öz salawatyny eçilsin
عَلَى خَيْرِ الْوَرَى الْهَادِي حَبِيبِهْ
وَآلِهْ وَالَّذِي لِلْطُّهْرِ يَصْحَبْ
Ýaradylanlaryň iň haýyrlysy, hakyky ýol görkeziji bolan Söýgüli Bendesine
Onuň maşgalasyna we päklikde oňa ýoldaş bolanlaryň baryna bolsun