بَادِرْ لَقَدْ فَاتَتْكَ الْغَنَائِمْ
Howluk! Oljalar senden geçdi.
Tk
بَادِرْ لَقَدْ فَاتَتْكَ الْغَنَائِمْ
تَقَاسَمُوهَا وَأَنْتَ نَائِمْ
Çaltlan! Hakykatdan hem oljalar elden gitdi
Sen ukyda wagtyň ony paýlaşdylar
وَلَوْ رَأَيْتَ الَّذِينَ فَازُوا
نُحْتَ كَمَا نَاحَتِ الْحَمَائِمْ
Eger ýeňiş gazananlary görseň
Sen hem kepderiler ýaly nala çekersiň
إِنْ رُمْتَ أَلَّا تَكُونَ نَادِمْ
قُمْ لِحَبِيبِ الْقُلُوبِ لَازِمْ
Puşman bolmazlygy eger isleseň
Tur, göňülleriň Söýgülisinden aýrylma
وَلَازِمِ الْبَابَ يَا مُعْنَّى
إِنَّ الْسَّعِيدَ الَّذِي يُلَازِمْ
Gapydan aýrylma eý hasratly jan
Çyndan bagtyýar şol gapyda durandyr
مَنْ لَازِمَ الْبَابَ نَالَ قُرْبا
وَفَازَ بِالْأَجْرِ وَالْغَنَائِمْ
Kim gapyda dursa ýakynlyk tapar
Sylaglara we oljalara gowuşar
وَلَا تَنَمْ سَاعَةَ الْتَّجَلِّي
فَلَيْسَ يَحْظَى بِالْأَجْرِ نَائِمْ
Tejelliniň wagtynda uka gitme
Ukyda bolan sylaga ýetip bilmez
قَدْ جَرَحَتْ قَلْبِيَ الْخَطَايَا
وَلَسْتُ أَلْقَى لَهَا مَرَاهِمْ
Günäler meniň kalbymy ýaralady
Men oňa hiç hili melhem tapmadym
سِوَى الْرِّضَا مِنْكَ يَا إِلَهِي
يَا وَاسِعَ الْجُودِ وَالْمَكَارِمْ
Diňe Seniň razylygyňdyr eý Rebbim
Eý, jomartlygy we sahylygy giň bolan
وَقَدْ تَوَسَّلْنَا يَا إِلَهِي
بِسَيِّدِ الْعَرَبِ وَالْأَعَاجِمْ
Biz Saňa eý Rebbim wesile etdik
Araplaryň we ajamlaryň serwerini
نَبِيِّنَا الْمُصْطَفَى الْتِّهَامِي
مَنْ جَاءَ لِلْأَنْبِيَاءِ خَاتَمْ
Pygamberimiz Mustafa Tihamydyr
Pygamberleriň hatamy bolup gelendir