لِغَيْرِ جَمَالِكُمْ نَظَرِي حَرَامُ
Siziň jemalyňyzdan özgä nazarym haramdyr.
Tk
لِغَيْرِ جَمَالِكُمْ نَظَرِي حَرَامُ
وَغَيْرُ كَلَامُكُمْ عِنْدِي كِلَامُ
Siziň jemalyňyzdan özgä bakmak maňa haramdyr
Siziň sözüňizden başga söz meniň üçin boş gürrüňdir
وَعُمْرُ الْنَّسْرِ مِنْكُمْ بَعْضُ يَوْمٍ
وَسَاعَةُ غَيْرِكُمْ عَامٌ فَعَامُ
Siz bilen bürgüt ömri bir günüň bölegidir
Sizden özgeler bilen geçen bir sagat bolsa ýyllara barabardyr
وَصَبْرِي عَنْكُمُ شَيْءٌ مُحَالٌ
وَمَا لِي قَاتِلٌ إِلَّا الْفِطَامُ
Sizsiz sabyr etmek mümkin bolmadyk bir işdir
Meni öldürjek bolsa diňe Siziň aýrylygyňyzdyr
إِذَا عَايَنْتُكُمْ زَالَتْ هُمُومِيْ
وَإِنْ غِبْتُمْ دَنَا مِنِّيْ الْحِمَامُ
Sizi görenimde ähli gaýgy-gamym aýrylar
Siz gözden ýitseňiz, maňa ölüm golaýlaşar
أَوَدُّ بِأَنْ أَكُونَ لَكُمْ جَلِيسًا
وَتُنْصَبَ لِي بِرَبْعِكُمُ خِيَامُ
Siziň bilen söhbetdeş bolmagy arzuw edýärin
Siziň menziliňizde maňa çadyrlar gurulsa diýýärin
فَدَاوُوا بِالْوِصَالِ مَرِيضَ هَجْرٍ
يَهِيمُ بِكُمْ إِذَا سَجَعَ الْحَمَامُ
Hijran syrkawyny gowuşmak bilen bejerin
Kepderi owaz etse, ol Siziň yşkyňyzda sergezdan bolar
حَدِيثُ غَرَامِهِ فِيكُمْ قَدِيمٌ
وَمَلْبَسُهُ مِنَ الْحُبِّ الْسِّقَامُ
Siziň yşkyňyzdaky söýgi hekaýaty gaty gadymydyr
Söýgi sebäpli geýen lybasy bolsa dert-aladadyr
فَأَنْتُمْ فِي الْأُصُولِ أَجَلُّ أَصْلٍ
إِذَا شِئْتُمْ تَحَصَّلَ لِي الْمَرَامُ
Siz asylzadalaryň iň belent aslyndansyňyz
Eger isleseňiz, meniň ähli maksadym hasyl bolar
بِكُمْ صَعْبُ الْأُمُورِ يَعُودُ سَهْلًا
فَبِالْإِحْسَانِ جُودُوا يَا كِرَامُ
Siziň bilen iň kyn işler hem aňsatlaşar
Eý keremliler, öz sahawatlylygyňyz bilen jomartlyk ediň
وَلَيْسَ سِوَاكُمُ لِلْجُودِ أَهْلًا
فَكَيْفَ نَزِيلُ سُوحِكُمُ يُضَامُ
Sizden başga sahawatlylyga laýyk kimse ýokdur
Siziň gapyňyza gelen myhman nähili horlansyn?